https://turkmensport.com/habarlar/maksim-belyh-kaganatyn-talimciler-duzumine-gosuldy/pVMj0rrN2iBBXKj.jpg

Türkmenistanly hünärmen Maksim Belyh, Gyrgyzystanyň «Kaganat» futbol toparynyň tälimçiler düzümine goşuldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu toparyň baş tälimçisi wezipesine ildeşimiz Röwşen Meredowy getirmek boýunça işler alnyp barylýar. Baş tälimçi heniz toparyň başyna barmadyk hem bolsa, Maksim Belyh toparyň tälimçileriniň hataryna goşuldy. Muny toparyň türgenleşiklerinde düşürilen suratlar hem tassyklaýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün ― 5-nji martda ýurduň futbol çempionatynyň täze möwsümine badalga berildi. «Kaganat» täze möwsümdäki ilkinji duşuşygyny ertir «Neftçi» bilen geçirer. «Neftçi» AFK-nyň kubogynda «Altyn asyryň» garşydaşydyr.