https://turkmensport.com/habarlar/maksim-belyh-kaganatyn-geciren-yoldaslyk-dususygy-barada-pikirlerini-paylasdy/WiTjTwqUVLoeu0O.jpg

Gyrgyzystanyň «Kaganat» futbol toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredowyň kömekçisi, türkmenistanly hünärmen Maksim Belyh toparyň Özbegistanda «Neftçi» bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygyndan soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berip şeýle diýdi:

― Gyzykly oýun boldy. «Neftçi» güýçli topar, düzümde güýçli we meşhur futbolçylar ýeterlik. Biziň toparymyzyň agzalarynyň bolsa köpüsi ýaşlar. Hatda olaryň käbiri heniz 18 ýaşyny hem dolduranok. Toparyň ortaça ýaşy bolsa 23-den geçenok.

Bu ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek bilen biziň esasy maksadymyz ― tejribe toplamak. Güýçli toparlar bilen geçirilýän duşuşyklar oýunçylarymyzyň tejribesini artdyrar. Ýigitlerimiz oýunda gowy hereket etdi. Duşuşygyň netijesi bolsa bizi kanagatlandyrýar.