https://turkmensport.com/habarlar/lyuk-de-yong-yene-psw-a-gosuldy/HLIJtzhGNA2gDi0.jpg

“Sewilýanyň” geçen möwsüm “Barselonada” kärendesine oýnan hüjümçisi Lýuk de Ýong hemişelik esasda PSW-ä geçdi.

Niderlandly hüjümçiniň transfer mukdary, takmynan, 4 million ýewro boldy. De Ýong ispan klubuna geçmezden öň, 2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli PSW-de çykyş edipdi. 

2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda niderlandly oýunçy Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy. Finalda “Sewilýa” 3:2 hasabynda Italiýanyň “Interini” utdy. De Ýong bolsa bu oýunda goşa gol geçiripdi.

De Ýong “Barselona” üçin soňky möwsümde 29 oýna gatnaşyp, ýedi top geçirdi we bir ýardam pasyny berdi. “Sewilýa” ony 2019-njy ýylda PSW-den 12,5 million ýewro satyn aldy.