
“Çelsiniň” we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň 29 ýaşly hüjümçisi Romelu Lukaku “Interde” bir ýyllyk kärendesine oýnar. Bu barada žurnalist Ben Ýakobs Twitter sahypasynda habar berdi.
Lukaku geçen tomus “Interden” “Çelsä” geçip, 2025/2026-njy ýyl möwsüminiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. “Transfermarktyň” maglumatlaryna görä, transferiň bahasy 113 million ýewro boldy.
2021/2022-nji ýyl möwsüminde hüjümçi “Çelsi” üçin ähli ýaryşlarda 42 gezek çykyş edip, 13 top geçirdi we 5 asist berdi.