https://turkmensport.com/habarlar/luka-doncic-o-vylete-s-evrobasketa/dOiZM6zv1cdZwEj.jpg

Sloweniýanyň ýygyndysynyň lideri Luka Donçiç Ýewrobasket-2022-niň çärýek finalynda Polşadan 87:90 hasabynda utulmaklaryny öz gowşak oýny bilen baglady.

«Men oýna doly taýýar däldim. Maňa sanjym etdiler, ýöne nepi degmedi. Oýun örän erbet boldy, men toparyma ýeterlik kömek edip bilmedim. Şeýdibem, tutuş ýurdumyň öňünde agyr ýagdaýa düşdüm. Bu meniň günäm. Men ýagdaýy seljerip, has gowy bolup dolanaryn» - diýip, ol metbugata beren interwýusynda aýtdy.

«Dallasyň» basketbolçysy, Polşa bilen duşuşykdan ozalky türgenleşigini şikesi sebäpli goýbermeli bolupdy.