https://turkmensport.com/habarlar/liwerpul-angliyanyn-kubogyny-eyeledi/bm6vFCFClZIG5WT.jpg

Şu gün, 14-nji maýda Angliýanyň kubogynyň finalynda "Liwerpul" bilen "Çelsi" duşuşdy.

Oýun "Wembli" stadionynda geçirildi. Wideo Teswir

Oýnuň esasy wagtynda hasap açylmady. Goşmaça wagtyň birinji we ikinji ýarymynda hem toparlara tapawutlanmak başartmady.

Netijede, ýeňiji penaltiler arkaly kesgitlenip, 6:5 hasabynda "Liwerpul" artykmaçlyk gazandy.

Topar 2006-njy ýyldan soň ilkinji gezek kuboga mynasyp boldy. "Liwerpul" 8 gezek kubok ýaryşynda ýeňiş gazandy. "Çelsi" bolsa 8 gezek finalda ýeňlişe sezewar boldy.

Maglumat hökmünde aýtsak, 2007-nji ýyldan bäri ilkinji gezek final oýnunyň esasy wagtynda hasap açylmady. Şol gezekki finalda "Çelsi" Drogbanyň 116-njy minutda geçiren goly bilen "Mançester Ýunaýtedden" üstün çykypdy.

Çeşme we surat: Google