https://turkmensport.com/habarlar/leywer-kubogynyn-petekleri-federerin-sozlerinden-son-gymmatlady/NsLcoWMjMoicczK.jpg

«Daily Mail»-iň ýazmagyna görä, «Uly tuwulganyň» 20 gezek çempiony Rojer Federeriň karýerasyny ýapmak baradaky habaryndan soň, Leýwer Kubogynyň petekleriniň bahalary ep-esli ýokarlandy.

Neşiriň habaryna görä, petekleriň iň pes bahasy indi 1 müň 152 ýewro, ortaça 1 müň 382 ýewrodyr. 

Leýwer Kubogy-2022 23 — 25-nji sentýabr aralygynda Londonda (Angliýa) geçiriler. 41 ýaşly Federer üçin bu ýaryş karýerasyndaky iň soňky oýun bolar. 

Federer ispaniýaly Rafael Nadal, serbiýaly Nowak Jokowiç, angliýaly Endy Mýurreý, gresiýaly Stefanos Sisipas we norwegiýaly Kasper Ruud dagy bilen Ýewropa toparynda çykyş eder.