https://turkmensport.com/habarlar/lebron-ynanyar/B01A8SAbjX6YL1l.jpg

«Los-Anželes Leýkersiň» kapitany LeBron jeýms basketbolyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy Abdul-Jabbaryň rekordyny täzeläp biljekdigini aýtdy.

«Taryhyň bir parçasy bolandygyma begenýärin. NBA-nyň rekordynyň bosagasynda durandygymy bilmek ýakymly duýgy» diýip, ol bu barada pikirlerini paýlaşdy.

LeBron häzire çenli NBA-de 37 müň 62 utuk toplady. Ol häzir Kerem Abdul-Jabbardan 1325 utuk yzda. Bir möwsümde ortaça 1600 ― 1700 utuk toplap bilen LeBronyň rekordy şu möwsümde täzelemegine garaşyp bolar.