https://turkmensport.com/habarlar/lebron-jeyms-milana-maya-goymagy-meyillesdiryar/krJeqhpIozTa9Jb.jpg

«Leýkersiň» hüjümçisi Lebron Jeýms A Seriýanyň häzirki çempiony «Milana» maýa goýmagy meýilleşdirýär.

«Financial Times»-iň habaryna görä, basketbol ýyldyzy «Nýu-Ýork Ýankis», «Mançester Siti» we «Nýu-Ýork Sitä» eýe bolan maýadarlar toparyna goşular.

Şu tomus «Milan», belli bir wagt «Nýu-Ýork Ýankis» bilen işleşen Jerri Kardinaleniň eýeçiligindäki «RedBird» tarapyndan satyn alyndy.

2011-nji ýylda Jeýms 5 million funt sterlinge «Liwerpulyň» 2% paýyny satyn aldy. «Forbesiň» habaryna görä, häzir klubuň bahasy 4,45 milliard dollardyr.

Lebron dünýäniň iň baý türgenlerinden biridir. Onuň arassa baýlygy 1 milliard dollardan geçýär.