https://turkmensport.com/habarlar/lebron-jeyms-dokuz-yyl-bari-in-kop-aylyk-alyan-nba-oyuncysydyr/XxcY4RwK6unmor2.jpg

«Leýkersiň» ýyldyz hüjümçisi Lebron Jeýms "Forbesiň" dokuz ýyl bäri iň köp girdeji gazanan oýunçylarynyň sanawynda birinji orunda durýar.

Dört gezek liganyň çempiony bolan basketbolçy 2022-nji ýylda 124,5 million dollar girdeji gazanar. 44,5 million Lebronyň NBA-daky aýlygy bolup, 37 ýaşly oýunçy ýene 80 milliony mahabat we beýleki taslamalardan alar.

«Golden Steýtiň» oýunçysy Stiwen Karri 95,1 million dollar bilen ikinji, «Bruklinden» Kewin Durant 88 million dollar bilen üçünji, «Milwaukiniň» oýunçysy Ýannis Adetokumbo 86,5 million dollar bilen dördünji orunda durýar.