https://turkmensport.com/habarlar/laporta-jyn-gelip-uc-zat-dilemegi-soran-bolsa/lFg2xWpcIXTrFOu.jpg

«Barselonanyň» prezidenti Joan Laporta Robert Lewandowskiniň topara gelşi barada gürrüň berdi:

― Bize hökman «9-luk» hüjümçi gerekdi. Eger şol wagt jyn peýda bolup: «Üç dilegiňi aýt!» diýen bolsa-dy, men birnäçe gezek «Altyn pökgini» gazanan we köp pökgi geçirip bilýän hüjümçi sorardym. Şolaryň ählisi hem Robert Lewandowski.

Näme boldy? Onuň agenti bilen gatnaşygym gowy. «Heý, bir umyt barmy?» diýip soradym. Ol hem Robertiň hem muny isleýändigini aýtdy. Derhal «Bawariýa» bilen baglandyk.

Soň bu transfer barada Robertiň özi gyzyklandy. Ony arkaýyn etdim. Eger topara bir oýunçy almakçy bolsak, ilki bilen, ony almakçydygymy aýtdym.

Oňa has köpräk pul teklip eden klublar hem bolupdy. Şeýle ýagdaýda bizi saýlandygy üçin, Roberte örän hoşallyk bildirýärin.