https://turkmensport.com/habarlar/laporta-barsa-brendi-oran-abrayly/eCeQ1IUs9XWPLp7.jpg

«Barselonanyň» prezidenti klubdaky ýagdaýlar barada pikirini paýlaşdy.

«Biz barada erbet zatlary öňünden aýdýanlara üns bermedik.

«Barsa» brendi örän abraýly. Biz ony syýahat döwründe gördük. Klubuň sport bölümi gaty gowy iş edýär, Alemani bilen Jordi Kroýffy alkyşlap bileris.

Ähli transferler hasaba alnyp biler» diýip, Joan Laporta aýtdy. Onuň sözlerini «Diario Sport» paýlaşdy.

Ozal katalon klubunyň täze transferlerini hasaba almak bilen, aýlyk ýagdaýlary sebäpli kynçylyk çekýändikleri barada habarlar ýaýrapdy.