https://turkmensport.com/habarlar/kuweytde-futzal-boyunca-aziyanyn-kubogy-baslayar/MrwTk9MOCZcYvtF.jpg

Şu gün Kuweýtde futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berler. Ýaryş 8-nji oktýabr güni tamamlanar.

17-nji gezek geçirilýän yklym ýaryşyny Kuweýt taryhynda ilkinji gezek kabul edýär.

Ýaryşyň ähli duşuşyklary El-Kuweýt şäherindäki Saad al-Abdulla sport toplumynda geçiriler. Ýaryşa dört toparça bölünen 16 ýygyndy gatnaşar. Her toparçadan iň gowy iki ýygyndy çärýek finala gatnaşyp biler.

Yklym ýaryşyna soňky gezek 10 ýyl mundan ozal gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistan, Bahreýn we Täjigistan bilen bilelikde «B» toparça wekilçilik eder.

Türkmen ýygyndysy ýaryşdaky ilkinji duşuşygyny şu gün Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da başlanar. Şu gün biziň toparçamyzda Bahreýn ― Täjigistan we «A» toparçada Kuweýt ― Oman duşuşyklary hem geçiriler.

Aziýanyň häzirki çempiony Eýranyň ýygyndysydyr.