https://turkmensport.com/habarlar/kunlin-dallasyn-ozalky-hujumcisi-bilen-sertnama-baglasdy/RE09gpElUIPgEVQ.jpg

«Kunlun» hokkeý topary kanadaly hüjümçi Brett Pollok bilen şertnama baglaşdy.

Klubuň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, şertnamanyň möhleti bir möwsümlikdir.

26 ýaşly hokkeýçi geçen möwsümi Şwesiýanyň «Sodertelýe» we Germaniýanyň «Şwenninger» toparlarynda geçiripdi. Ol şwed toparynda 28 duşuşykda 25, nemes toparynda bolsa 18 duşuşykda 14 utuk toplap bildi.

Pollok 2014-nji ýylda MHL-de «Dallasyň» düzüminde hem çykyş edipdi. Ol şol toparda 45-nji belgili köýnekçäni geýipdi.