https://turkmensport.com/habarlar/kubok-yarysynyn-caryek-finalynda-28-pokgi-gecirildi/XdpJi6Jc4GhW4A7.jpg

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynda derwezelere jemi 28 pökgi geçirildi.

Iki duşuşykdan ybarat bolan çärýek finallarda iň kän tapawutlanan topar «Altyn asyrdyr». Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri iki duşuşykda «Nebitçiniň» derwezesinden 7 pökgi geçirdiler. Ikinji orunda «Köpetdagyň» derwezesine 6 pökgi geçiren «Aşgabat», üçünjilikde bolsa «Energetigiň» derwezesine 5 pökgi geçiren «Şagadam» bar.

Şeýle hem iki duşuşykda «Ahal» 4, «Köpetdag» 3, «Merw» 2, «Energetik» bolsa 1 pökgi geçirdi.

«Nebitçi» iki duşuşykda bir pökgi hem geçirip bilmän, ýaryş bilen hoşlaşdy.