https://turkmensport.com/habarlar/kristofer-nkunku-rb-leypsig-bilen-taze-sertnama-baglasdy/PIj2A297kVyiwOV.jpg

Täze şertnamanyň möhleti 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hasaplanýar.

Fransuz oýunçysy 2019-njy ýylda PSŽ-den “Leýpsige” goşuldy. German klubunyň düzüminde 134 oýunda çykyş eden Nkunku topar üçin geçirilen 93 gola gatnaşdy.

Nkunku geçen möwsümde Timo Werneriň topar üçin 54 gola gönüden-göni gatnaşmagy bilen bagly rekordyny täzeledi.

Fransuz futbolçy geçen möwsümde iň köp top geçiren we iň köp asist beren oýunçy boldy. Şeýle hem, ol Bundesliganyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy.

2022-nji ýylyň martynda Kristofer Fransiýanyň milli ýygyndysynda çykyş etdi.