https://turkmensport.com/habarlar/kristof-galte-psz-bilen-ylalasyk-gazandy/RG5f6q7n98wkUF9.jpg

55 ýaşly hünärmen parižliler bilen iki ýyllyk şertnama baglaşyp, toparyň täze baş tälimçisi bolar.

Şeýle hem, şertnamada ýene bir möwsüme uzaltmak mümkinçiligi bar.

“L'Equipe”-niň berýän habaryna görä, Galteniň PSŽ-däki aýlygy Maurisio Poçettinonyňkydan az bolar.

Şol bir wagtyň özünde, Fransiýanyň häzirki çempiony kompensasiýa tölemek meselesinde argentinaly tälimçisi bilen heniz ylalaşmandygy bellendi.