https://turkmensport.com/habarlar/kowalyow-boksa-dolanyar/MK3XY8dscRKMzsd.jpg

Boksuň ýarymagyr agram derejesinde dünýäniň üç gezek çempiony, russiýaly weteran boksçy Sergeý Kowalýow jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly ýene-de ringe gaýdyp gelýändigi barada mälim etdi.

Bu barada ol: «Ýakyn wagtda bu agyr işe dolanýaryn» diýip ýazdy. Ol ýazgysynyň gapdaly bilen sport zalynyň suratyny paýlaşdy.

2019-njy ýylyň noýabr aýynda meksikaly Saul Alwaresden ýeňlenden soň Kowalýow bir ýarym ýyllap boksa arakesme berdi. Şu ýylyň maý aýynda bolsa ol bolgariýaly Terwel Pulýewi 10 döwde eminleriň gelen netijesi bilen ýeňdi. Kowalýow 2-nji aprelde 39 ýaşady.