https://turkmensport.com/habarlar/korpe-szyu-bassyr-ikinji-yensini-gazandy/RKby3dGnWoBZoMq.jpg

Awstraliýaly boksçy Nikita Szýu watandaşy Meýson Smiti ýeňdi.

Awstraliýanyň Nýukasl şäherinde geçirilen boks tutluşygy eýýäm birinji döwde tehniki nokaut bilen tamamlandy. Boksçular orta agram derejesinde güýç synanyşdylar.

24 ýaşly Szýunyň professional karýerasynda bassyr ikinji tutluşygynda ýeňiş gazanandygyny nygtamak gerek. Ol 3-nji martda Aaron Staly hem nokaut bilen ýeňipdi.

Awstraliýada türgenleşýän we karýerasyny şol ýerde dowam etdirýän Szýu, russiýaly boksçy Kostýa Szýunyň körpe ogludyr. Kostýa Szýu öz wagtynda dünýäniň absolýut çempiony bolupdy.

Kostýaniň uly ogly Tim hem professional boksda. Ol 21 tutluşykda 21 ýeňiş gazandy. 27 ýaşly türgen ahyrky tutluşygyny 26-njy martda geçirip, amerikaly Terrel Goly ýeňdi we orta agramdaky «WBO Global» guşagyny gorady.

Çeşme: sport.kg