https://turkmensport.com/habarlar/kopetdagyn-futbolcylary-ertir-gok-lybasda-oynarlar/bpGSedCvZe2wX15.jpg

“Köpetdagyň” futbolçylary Täjigistanyň “Hujandyna” garşy gök “Nike” lybasynda oýnar.

Aşgabat toparynyň garşydaşy gyzyl “Joma” lybasynda meýdança çykar. Derwezeçiler degişlilikde sary we açyk ýaşyl köýnekçe geýerler. 

Bu Bişkekde toparlaryň wekilleriniň we Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakdan soň mälim boldy. Bu barada “Hujandyň” metbugat gullugy habar berýär.

AFK Kubogy — 2022-niň “E” toparçasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde geçiriljek “Köpetdag” — “Hujand” oýny Dolon Omurzakow adyndaky stadionda bolar. Oýun Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlar.

Bu iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşykdyr.