https://turkmensport.com/habarlar/konor-makgregor-ilkinji-gezek-kino-duser/WuGLZlVq50WplWC.jpg

«Deadline»-niň berýän habaryna görä, Konor «Road House»-yň remiksinde keşp janlandyrar. Filmde baş keşbi Jeýk Jillenhal ýerine ýetirer. Ol filmde ýol ýakasyndaky barda işleýän öňki UFC söweşijisi hökmünde çykyş eder.

Filmiň surata düşürilmegi şu ýyl Dominikan Respublikasynda başlanar. Onuň režissýory Dag Laýman bolar. Konor Makgregoryň nähili keşpde çykyş etjekdigi heniz belli däl.

Filmiň premýerasynyň senesi barada maglumat ýok.