https://turkmensport.com/habarlar/klubsyz-ronaldo-ucin-klublayyn-cempionatlardan-jerime/A4GCv2ikaFqQfF1.jpg

Kristiano Ronaldo «Mançester Ýunaýtedden» aýrylansoň, futboluň ýene bir täsinligi ýüze çykdy. Häzirki wagtda klubsyz galan portugaliýaly ýyldyz klublaýyn çempionatlardaky iki duşuşykdan çetleşdirildi.

Munuň sebäbi - portugaliýaly ýyldyzyň aprel aýyndaky gödek hereketidir. Ozal hem habar berlişi ýaly, ol bir duşuşykdan soňra özüni surata düşürmek islän oglanjygyň telefonyny kakyp, ony ýere gaçyrypdy. Bu ýagdaý «Mançester Ýunaýtediň» «Ewertondan» 0:1 hasabynda utulmagyndan soň ýüze çykdy.

Aradan köp wagt geçmänkä, hüjümçiniň bu gelşiksiz ýagdaý üçin ötünç sorandygyna garamazdan, Angliýanyň Futbol assosiasiýasy oňa iki duşuşyklyk çetleşdirme we 50 müň funt möçberinde pul jezasyny berdi. Eger Ronaldo mundan soň APL-den bir klub bilen şertnama baglaşsa, jerimesi sebäpli ilkinji iki duşuşygyna çykyp bilmez. Pul jerimesinden bolsa, ol nirede çykyş etse-de, halas bolup bilmez.

Çeşme: skysports.com