https://turkmensport.com/habarlar/kewin-de-bryuynenin-dort-goly-sita-uc-utuk-gazandyrdy/Vuq8d0PBFPJPoTG.jpg

Angliýa Premýer ligasynyň 33-nji tapgyrynyň yza süýşürilen oýnunda “Mançester Siti” “Wulwerhamptony” (5:1) utdy. Wideo Teswir

Duşuşykda Kewin de Bruýne 4 gol geçirdi — 7', 16', 24', 60'. Bu onuň ilkinji pokeridir. “Mançester Siti” üçin ýene bir topy Rahim Sterling (84') tora girizdi. “Möjekler”-den Leander Dendonker (11') tapawutlandy.

“Mançester Siti” Premýer ligada liderligini saklamagy dowam edýär. 

Angliýa Premýer ligasynyň gutarmagyna iki oýun galanda Pep Guardiolanyň topary 89 utuk, Ýurgen Kloppuň topary 86 utuk toplady.

“Mançester Siti” gol tapawudy boýunça hem artykmaçlyga eýe — 94:22 (+72), garşydaşlarynyňky 89:24 (+65).

“Siti” myhmançylykda “West Ham” we öz ýerinde “Aston Willa” bilen duşuşar. “Liwerpul” bolsa myhmançylykda “Southampton” bilen oýnar we “Wulwerhamptony” kabul eder.

Çeşme we surat: google.com