https://turkmensport.com/habarlar/kerim-hojaberdiyew-muny-basaran-ilkinji-futbolcy/AJjEgS1SmDvVaVs.jpg

«Şagadamyň» oýunçysy Kerim Hojaberdiýew Türkmenistanyň kubogynda soňky 8 möwsümiň içinde 10 pökgi geçiren ilkinji futbolçy boldy.

Häzir «Şagadamda» çykyş edýän futbolçy bu pökgüleri häzirki toparyndan daşary hem «Energetikde» we «Köpetdagda» geçirdi.

Kubok ýaryşynda 2015-nji ýyldan bäri iň köp pökgi geçirenleriň arasynda ikinji orny 9 gol bilen «Altyn asyryň» hüjümçisi Myrat Ýagşyýew eýeleýär. Karýerasyna arakesme beren Süleýman Muhadow bilen «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýewiň hasabynda bolsa 8 gol bar.

2015-nji ýyldan bäri Kubok ýaryşynda 113 futbolçy tapawutlandy.