https://turkmensport.com/habarlar/katarda-maradonanyn-meshur-koynekcesi-sergilenyar/aOmIxswHIdmjJO9.jpg

Bir ýokary derejeli resminiň beren habaryna görä, Diego Maradonanyň 1986-njy ýylda Angliýa garşy oýunda geýen we «Hudaýyň eli» adyny alan goluny geçiren köýnekçesi dünýä çempionatynyň geçýän ýeri bolan Katarda köpçülige görkeziler. Bu barada «Sportsbrief» habar berdi.

Ady aýan edilmedik alyja 9,3 million dollara satylan köýnekçe Kataryň 3-2-1 sport muzeýine kärendesine berildi. Köýnekçe ýekşenbe gününden tä 1-nji aprel çenli muzeýde sergilener.

Katar tarapy sport ýadygärlikleri üçin şol wagt rekord bahany tölän köýnekçäniň täze eýesiniň adyny aýtmady. Ýöne gepleşikleriň 4-nji maýda bolan auksionyndan birnäçe hepde soň başlandygy bellenilýär.

Katardaky muzeýleriň başlygy we Aýlag döwletiniň dolandyryjy maşgalasynyň agzasy Şeýh Al Maýassa bin Hamad bin Halifa Al Tani dünýä çempionatda bu köýnekçäniň görkeziljekdigine begenýändigini aýtdy.