https://turkmensport.com/habarlar/katar-2022-messi-sikes-sebapli-yekelikde-turgenlesyar/5HBSUoHdwInCy1Y.jpg

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi penşenbe güni umumy toparda türgenleşmedi.

«Marca»-nyň ýazmagyna görä, oýunçy aýratyn türgenleşdi we dikeldiş maşklaryna ünsi jemledi.

Messiniň çep aýagyndaky myşsadan kynçylyk çekýändigi aýdylýar, ýöne onuň 26-njy noýabrda Meksika bilen boljak oýna gatnaşjakdygyna şübhe ýok.

Katardaky dünýä çempionatynda Messi bir gol geçirdi.

Çeşme: marca.com