https://turkmensport.com/habarlar/kasatkina-i-sem-tennisistok-top-10-sygrayut-v-san-diego/SArDx1r1wIgQZ6t.jpg

Dünýäniň iň güýçli 10 zenan tennisçisiniň 7-si San Diego şäherinde geçiriljek WTA 500 halkara ýaryşyna gatnaşar.

Has takygy, ýaryşda Iga Swýontegiň, Anett Kontaweýtiň, Paula Badosanyň, Jessika Pegulanyň, Arina Sobolenkonyň, Koko Gauffyň we Karolin Garsiýanyň çykyşlaryna tomaşa edip bileris.

Ilkinji 20-likden bolsa ýokarda ýazylanlara Ons Jaber, Mariýa Sakkari, Simona Halep we Belinda Bençiç dagylar goşular.

Rus metbugaty halkara ýaryşa Darýa Kasatkinanyň hem gatnaşjakdygyny habar berdi.

Halkara ýaryş 10-njy oktýabrda başlap, 16-njy oktýabrda tamamlanar.

Çeşmewww.sport-express.ru

Suratlequipe.fr