https://turkmensport.com/habarlar/karyerasyny-nebitcide-yapan-futbolcy-energetikde-talimci-bolup-islap-baslady/lttGL8ziv9Nxxo2.jpg

Türkmenistanda tejribeli futbolçylaryň ýene-de biri karýerasyny tamamlap, tälimçilige başlady. Ol 38 ýaşly ýarymgoragçy Azat Garajaýewdir.

Iň soňky gezek Balkanabadyň «Nebitçisinde» çykyş eden Azat Garajaýew, Marynyň «Energetik» futbol toparynyň baş tälimçisiniň kömekçisi bolup işläp başlady. Bu topara häzirki wagtda Ýuriý Bordolimow tälim berýär.

Garajaýew dürli ýyllarda «Şagadam», HTTU, «Altyn asyr» futbol toparlarynda hem çykyş etdi. Ol karýerasyny 2015-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýän «Nebitçide» ýapdy.

Azat Garajaýew Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda hem dört duşuşyk geçirdi.