
Häzirki küşt boýunça (16-njy) dünýä çempiony, norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2022-nji ýylda geçirilen Çempionlar küşt ýaryşynda ýeňiş gazandy.
Karlsen ahyrky tapgyrda hindi wekili Rameşbabu Pragnanandha (2,5: 0,5) bilen oýnady we 17 utuk toplady. Altynjy tapgyra çenli ikinji bolan Ýan-Kşiştof Duda amerikaly Uesli Sodan utuldy we indi norwegiýaly küştçüden öňe geçip bilmez.
Küştçüleriň jemleýji tapgyra çenli ýagdaýy:
1. Magnus Karlsen (Norwegiýa) — 17.
2. Uesli So (ABŞ) — 12.
3. Ýan-Kşiştof Duda (Polşa) — 10.
4. Arjun Erigaýsi (Hindistan) — 9.
5. Le Kuang Lem (Wýetnam) — 8.
6. Şahriýar Mamedýarow (Azerbaýjan) — 6.
7. Rameşbabu Pragnanandha (Hindistan) — 6.
8. Aniş Giri (Niderlandlar) — 4.