https://turkmensport.com/habarlar/kamp-nou-ady-resmi-taydan-uytgedildi/DYFxLWolhcGh1k4.jpg

“Barselona” “Spotify” bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda stadionyň adyny resmi taýdan üýtgetdi.

1-nji iýulda Ispaniýanyň kluby bilen Şwesiýanyň aýdym-saz platformasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk babatda baglaşylan şertnama güýje girdi.

Indi Kataloniýa toparynyň stadionyna “Spotify Kamp Nou” diýler.

Ozal “Spotify” bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda “Barselonanyň”, takmynan, 300 million ýewro aljakdygy habar berlipdi.