https://turkmensport.com/habarlar/kamaru-usman-gara-pantera-filminin-dowamynda-surata-duser/RjswOmsWyaaPeqW.jpg

UFC-niň ýarym agyr agramynyň çempiony Kamaru Usman «Gara pantera» filminiň dowamynda surata düşer. Kamaru şu ýylyň 11-nji noýabrynda görkeziljek filmde ekrana çykar.

Bu barada «MMAJunkie» neşiri türgeniň dolandyryjysy Ali Abdel-Aziza salgylanyp habar berdi.

Usmanyň nähili keşpde peýda boljakdygy heniz belli däl. Ilkinji «Gara pantera» filmi 2018-nji ýylda surata düşürilip, ol dünýä prokatynda 1,346,913,161 dollar girdeji gazanypdy.

Usmanyň häzirki wagtda Leon Edwards bilen boljak tutluşyk üçin taýynlyk görýändigini ýatladýarys. Bu gapma-garşylyk 21-nji awgustda ABŞ-da bolar. Çempionlyk tutluşygy UFC 278 ýaryşynyň esasy wakasy bolar.