
Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde göreş boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty dowam edýär. Bu ýaryşda ildeşimiz Kakabaý Kakabaýew bürünç medala mynasyp boldy.
Kakabaý grek-rim göreşi boýunça 65 kg agram derejesinde çykyş edip, çärýek finalda täjigistanly Sunat Abdulloýewden (4:0) asgyn geldi. Goşmaça duşuşykda ýaponiýaly türgen Kakeru Sakaueni 4:1 hasabynda ýeňen ildeşimiz bürünç medal ugrunda duşuşyk geçirmäge hukuk gazandy.
Şeýlelikde, Kakabaý Kakabaýew Koreýa Respublikasynyň türgeni Taýong Kwondan (3:1) üstün çykyp, bürünç medala mynasyp boldy.