https://turkmensport.com/habarlar/jokowicin-cykdajylaryny-tennis-australia-tolar/B0dIikyAFeExQiO.jpg

«Daily Mail» neşiriniň habaryna görä, «Tennis Australia» kompaniýasy, Nowak Jokowiçiň Awstraliýadan çykarylmak we kazyýet işi bilen bagly çykdajylarynyň ählisini tölär. Sebäbi tennisçiniň topary tarapyndan 500 müň dollar çykdajy edilen bolmagy ahmal.

«Tennis Australia» kompaniýasy Awstraliýanyň býujeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Onuň ähli serişdeleri ýurtda sporty ösdürmek üçin sarp edilýär.

Jokowiçiň birinji kazyýet işinde ýeňiş gazanandygyny we döwletiň ähli çykdajylary tölemäge mejbur bolandygyny ýatladýarys. Ol ikinji kazyýet işinde utuldy, şonuň üçin hem döwletiň çykaran çykdajylaryny tölemeli bolar.