https://turkmensport.com/habarlar/jokowic-karyerasyndaky-89-njy-bayragyny-gazandy/pL5ZoS1kTnnbOWS.jpg

Ysraýylyň Tel-Awiw şäherinde ATP 250-niň çägine girýän halkara tennis ýaryşy tamamlandy.

Ýaryşda baş baýraga dünýäniň 7-nji raketkasy Nowak Jokowiç mynasyp boldy. Ol final duşuşygynda reýtingiň 16-njy ornunyň eýesi, horwatiýaly tennisçi Marin Çiliçi 6/3, 6/4 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, tennisçileriň özara duşuşyklarynda Nowak 19-njy ýeňşini gazandy. Mundan ozal diňe 2 duşuşykda Çiliç güýçli garşydaşyny ýeňip bilipdi. Bir sagat 35 minut dowam eden duşuşykda Jokowiç 7, Çiliç bolsa 13 gezek eýs urgusyny amala aşyrdy.

Ysraýyldaky ýaryşyň çempionlygy serbiýaly tennisçä 250 reýting utugyny we 144 müň 415 dollar girdeji getirdi. Şeýlelikde, Jokowiç şu möwsümdäki üçünji, karýerasyndaky 89-njy kubogyny gazandy. Ol şu ýylda «Uimbldon» we Rimdäki «Masters» ýaryşlarynyň ýeňijisi bolupdy.