https://turkmensport.com/habarlar/jokowic-federer-bilen-denlesdi/ARt13Jw8vVJI3DE.jpg

Nowak Jokowiç finalda Kasper Ruudy utup, soňky ATP ýaryşynyň çempiony boldy.

Serbiýaly tennisçi 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek we Rojer Federeriň rekordyny gaýtalap, jemi altynjy gezek ýeňiş gazandy.

 ATP final

 Turin, Italiýa

 2022-nji ýylyň 13 — 20-nji noýabry

 Jemleýji ATP ýaryşy

 Baýrak gaznasy — 14 million 750 müň dollar

 Nowak Jokowiç (Serbiýa) — Kasper Ruud (Norwegiýa)

 7:5 | 6:3

Jokowiç toparlaýyn tapgyrda bir gezek hem utulmady, şonuň üçin mümkin bolan iň ýokary baýrak puluny — 4 million 740 müň 300 dollar gazandy. Bu erkekleriň ýaryşynda rekord girdejidir.

Nowak Jokowijiň umumy karýerasyndaky baýrak pullary häzir 165 million dollar töweregi boldy.