https://turkmensport.com/habarlar/japarowyn-bahasy-alty-ayda-25-esse-gymmatlady/1rBSrOsBWbLmLBK.jpg

«Abdyş-Atanyň» türkmenistanly derwezeçisi Rahat Japarow Gyrgyzystanyň Premýer-ligasyndaky iň gymmat futbolçylaryň ilkinji 10-lugyna girdi. «Transfermarkta» görä, onuň transfer bahasy 250 müň ýewro ýetdi.

Bu bolsa Rahat Japarowyň halkara transfer giňişligindäki bahasynyň soňky alty aýda 150 müň ýewro köpelendigini görkezýär. Portal şu ýylyň maý aýynda hem derwezeçä 100 müň ýewro baha kesýärdi.

Sanawyň başyny Rahadyň topardaşlary Magomed Uzdenow bilen Ataý Jumaşew çekýär. «Transfermarkt» bu futbolçylaryň ikisini hem 300 müň ýewro diýip bahalaýar.

Rahat Japarow GPL-iň geçen möwsüminde 21 duşuşykda derwezesinden 11 pökgi geçirtdi. 13 duşuşykda bolsa derwezä gol geçirtmän saklamagy başardy. Japarowyň «Abdyş-Ata» bilen şu ýyl Gyrgyzystanyň çempiony bolandygyny we ýurduň Kubogyny gazanandygyny ýatladýarys.

Çeşme: transfermarket.com