https://turkmensport.com/habarlar/ispaniyada-yaslaryn-arasynda-boks-boyunca-dunya-cempionaty-geciriler/iKxK8n4G3nNVWRQ.jpg

Ispaniýanyň La-Nusiýa şäherinde boks boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty geçiriler. Ýaryşy 14 ― 26-njy noýabr aralygynda Ciudad Deportiva Camilo Cano sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýaryşyň guramaçysy bolup çykyş edýän IBA-nyň prezidenti Umar Kremlew köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýusynda dünýä çempionatynyň täze ýyldyzlary ýüze çykarmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdirdi.

Çempionatyň Ispaniýada geçirilmegi ýönelige däldir. Şu ýyl ýurduň Boks federasiýasy 100 ýaşady.