https://turkmensport.com/habarlar/interin-ozalky-hujumcisi-basketbola-gadam-goydy/Lg0wFfC3XwqyRCW.jpg

«Interiň» 40 ýaşly ozalky argentinaly hüjümçisi Rodrigo Palasio özüni sportuň başga görnüşinde ― basketbolda synap görmekçi.

Ozalky futbolçy Ispaniýanyň basketbol çempionatynyň D seriýasyna wekilçilik edýän «Garnýano» topary bilen şertnama baglaşdy. Ýakynda ol täze toparyndaky ilkinji duşuşygyny hem geçirdi. Sebitleýin ýaryşyň ýarym finalynda ozalky futbolçynyň wekilçilik edýän topary garşydaşyndan 65:73 hasabynda asgyn geldi. 4-lik belgide çykyş eden Rodrigo duşuşykda 6 utuk gazandy.

Palasionyň soňky çykyş eden kluby «Breşiýa» bolupdy. Taraplar şertnamany şu ýylyň iýun aýynda ýatyrdylar.