https://turkmensport.com/habarlar/interin-onki-hujumcisi-karyerasyny-tamamlady/Gzt640QD46I7IxE.jpg

Hüjümçi Goran Pandýew karýerasyny tamamlady.

39 ýaşly oýunçynyň karýerasyndaky iň soňky klub «Parma» bolup, geçen möwsüm B Seriýasynda oýnapdy.

Pandýew «Inter», «Napoli», «Lasio», «Galatasaraý» we beýleki klublarda-da oýnady.

Hüjümçi «Interiň» düzüminde 2010-njy ýylda çempionatda, Italiýanyň Kubogynda we Super Kubogynda, Çempionlar ligasynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. «Lazio» we «Napoli» bilen iki gezek Italiýanyň Kubogyny gazandy.

Pandýew Demirgazyk Makedoniýanyň milli ýygyndysynyň iň köp gol geçiren oýunçysy (38 gol) we topar üçin geçirilen oýunlaryň sany boýunça rekordyň eýesidir (122).

Pandýew geçen ýyl Demirgazyk Makedoniýanyň milli ýygyndysynyň Ýewropa çempionatyndaky ilkinji golunyň awtory bolupdy.