https://turkmensport.com/habarlar/inter-italiyanyn-kubogyny-aldy/tZrx4Ey7dCLvOAp.jpg

"Ýuwentus" Rimiň "Stadio Olimpiko" stadionynda geçirilen Italiýa kubogynyň finalynda "Interden" 4:2 hasabynda utuldy. Wideo Teswir

Oýnuň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy. Nikolo Barellanyň topuna Aleks Sandro we Duşan Wlahowiç jogap berdi. Hakan Çalhanogly bolsa 80-nji minutda penaltiden dürs peýdalanyp, oýnuň goşmaça wagta uzamagyna sebäp boldy.

Iwan Perişiç goşmaça wagtyň birinji böleginde iki gol geçirmegi başardy. Ol gollaryň birini penaltiden geçirdi.

"Inter" üçin bu üstünlik Italiýa kubogyndaky 8-nji ýeňiş boldy. Klub soňky gezek 2011-nji ýylda kubok gazanypdy.

"Ýuwentus” bolsa bu möwsümdäki ýaryşlaryň hiç birinde-de ýeňiş gazanyp bilmedi.

Ozal turinliler Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda ýaryşdan çykdy, Italiýanyň Super kubogy ugrundaky oýunda utuldy. Şeýle-de, topar çempionlyk üçin mümkinçiligini ýitirdi.

Şeýlelikde, "Ýuwentus" 2010/11-den bäri ilkinji gezek möwsümi kuboksyz tamamlar.

Italiýa kubogynyň finalyndaky ýeňliş - "Ýuwentusyň" taryhyndaky ýedinji şowsuzlyk boldy. Klub bu ýaryşda 14 gezek ýeňiş gazanyp, ýurduň rekordyny özünde saklaýar.

Çeşme we surat: google.com