
Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo, Indoneziýanyň 2036-njy ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Bu ýagdaýda Nusantara şäheri Olimpiýa oýunlaryny kabul eder. Indoneziýanyň paýtagty Jakartadan şol şähere göçürilmegi meýilleşdirilýär.
«Indoneziýanyň Nusantara şäherinde 2036-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge taýýardygyny resmi taýdan mälim edýärin» diýip, Indoneziýanyň Prezidenti aýtdy.
Ozal 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna dalaşgärleriň arasynda Meksika, Günorta Koreýa, Müsür, Beýik Britaniýa we Hindistanyň hem bardygy bellenildi. Russiýa hem bu ýaryşy geçirmek üçin ýüz tutmaga taýýardygyny mälim etdi.