https://turkmensport.com/habarlar/ildeslerimiz-aziya-cempionatynda-iki-burunc-medal-gazandylar/j8M9oJ8dotzxSUW.jpg

Şu gün, 22-nji iýunda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçýän erkin göreşi boýunça Aziýa çempionatynda Parahat Ataýew bürünç medala mynasyp boldy. Ol 80 kilogram agram derejesinde ýaryşdy.

45 kilogram agram derejesinde çykyş edýän Azymberdi Aşyrgulyýew hem ildeşlerimiziň baýraklarynyň üstüni bürünç medal bilen ýetirdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn, 21-nji iýunda Alp Arslan Begenjow Aziýa çempionatynyň altyn medalyna mynasyp bolupdy.

Ýaryş 26-njy iýunda tamamlanar.