https://turkmensport.com/habarlar/iga-swyotek-ikinji-tapgyra-gecdi/AEEVFBVjiynf5f5.jpg

Melburn şäherinde möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy dowam edýär.

Dünýäniň dokuzynjy raketkasy, polşaly tennisçi Iga Swiatek ilkinji duşuşygynda reýtingiň 123-nji ornundaky britaniýaly garşydaşy Harriet Darty 6/3, 6/0 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, iki tennisçi özara ilkinji duşuşygyny geçirdiler.

Iga indiki tapgyrda şwesiýaly Rebekka Peterson bilen duşuşar.