https://turkmensport.com/habarlar/hytay-aziya-kubogy-2023-i-gecirmejekdigini-habar-berdi/JbJdTrQp0kCl1m1.jpg

Hytaý "2023-nji ýyldaky Aziýa kubogyny kabul etmeli däl" diýen karara geldi.

Hytaý ýurtdaky koronawirus bilen bagly çäklendirmeler sebäpli ýaryşy guramakdan ýüz öwürdi.

AFK-nyň beýannamasynda, "Hytaýyň Futbol Assosiasiýasy ýakynda Aziýa Futbol Konfederasiýasyna 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň finalyny geçirip bilmejekdigini resmi taýdan habar berdi" diýilýär.

24 topardan ybarat bolan ýaryş, 2023-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 16-njy iýuly aralygynda Hytaýyň 10 şäherinde geçirilmelidi. Täze ýer eýesi heniz kesgitlenmedi.

Surat: Google