https://turkmensport.com/habarlar/holland-iki-gol-bilen-sita-yenis-getirdi/wu7jvGcGvutkXiF.jpg

Angliýanyň Premýer-ligasynyň täze möwsüminde «West Hem» öz ýerinde «Mançester Sitini» kabul etdi.

Oýun 2:0 hasabynda «Sitiniň» peýdasyna tamamlandy.

Duşuşygyň iki goly hem «Sitiniň» täze transferi Holland tarapyndan geçirildi. Ol 36-njy (penalti) we 65-nji minutlarda tapawutlandy.

APL-de ilkinji duşuşygyny geçiren Erling Holland 78-nji minutda ätiýaçlykdaky oýunçy, ýagny Alwares bilen çalşyldy.