https://turkmensport.com/habarlar/hirn-ol-oz-ligasynyn-sasy/EoufJa7IXI7ak7P.jpg

«Matchroom Boxing»-iň baş direktory Eddi Hirn, WBA Super ýeňil agram derejesiniň çempiony Dmitriý Biwoly öz ligasynyň şasy hasaplaýar.

«Dmitriý Biwolyň öz agram derejesinde birinji orny eýeleýändigini aýtmalydyryn. Bu ýigit çempionlygyny birnäçe gezek gorady. Ol gaty gowy. Köp adam maňa onuň ajaýyp şertnama boljakdygyny aýtdy. Köp ýyllap diňe bir pursat gözleýärdi. Biwol öz ligasynyň şasydyr» diýip, çeşme Hirniň aýdanlaryny getirýär.

Biwolyň 5-nji noýabrda BAE-nyň Abu-Dabidäki «Etihad Arena» sport toplumynda titulyny soňky gezek gorandygyny we biragyzdan gelnen karar bilen meksikaly Gilberto Ramiresi ýeňendigini ýatladýarys.

Indiki tutluşykda Dmitriý absolýut çempion bolmak üçin meksikaly Saul Alwarez bilen güýç synanyşar.