https://turkmensport.com/habarlar/hazaryaka-dowletlerin-cempionatynda-cykys-eden-turkmenistanly-futbolcylardan-duzulen-mysaly-yygyndy/xIzomcPKRLXXxBz.jpg

Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk sport ýaryşlarynda hem şöhlelenýär. 2014-nji ýylda Awazada GDA ýurtlarynyň mekdep sport festiwaly geçirilen bolsa, 2018-nji ýylda Hazarýaka ýurtlaryň mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Hazarýaka döwletleriň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň sportda mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.

Sportuň bütin dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan görnüşi bolan futbol babatda aýdanymyzda hem türkmen futbolçylarynyň Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň çempionatlarynda çykyş edendiklerini, tälimçilerimiziň bolsa goňşy ýurtlaryň futbol klublarynda uly sepgitlere ýetmeklerine mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny aýdyp bileris. Şonuň üçin «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» hepdelik elektron neşiriniň döredijilik topary tarapyndan düzülen mysaly ýygyndyny okyjylara hödürleýäris. Bu mysaly ýygyndyda Hazarýaka döwletleriň futbol çempionatynda çykyş eden türkmen futbolçylary bir topara jemlenipdir.

Derwezeçi

Pawel Harçik, Russiýanyň 5 toparynda, Azerbaýjanyň 2 toparynda çykyş etdi. «Rubine» bürünç medal getiren SSKA bilen geçirilen oýunda esasy düzümde meýdança çykdy.

Goragçylar

Goçguly Goçgulyýew, futbolçy hökmünde Özbegistanda has adyganam bolsa, Gazagystanyň futbol toparlaryndaky çykyşlary hem janköýerleriň ýadynda galypdyr.

Omar Berdiýew, Gazagystanyň 4 toparynda we Azerbaýjanyň «Karwan» toparynda oýnady.

Ýuriý Bordolimow, Gazagystanyň 5 toparynda çykyş edip, futbolçy hökmünde uly sepgitlere ýetdi.

Myrat Hemraýew, tejribeli goragçy hökmünde Türkmenistanda üstünlik gazanan goragçy Azerbaýjanyň «Karwan» toparynyň janköýerlerinde hem ýakymly ýatlama galdyrypdyr.

Ýarymgoragçylar

Dmitriý Homuha, Russiýanyň 5 toparynda çykyş etdi. Ýetginjekler ýygyndylaryny tälimçi hökmünde Ýewropa çempionatynyň altyn medalyna (U17) we kümüş medalyna (U19) ýetirdi.

Elman Tagaýew, Azerbaýjanyň «Sabail» toparynda çykyş edip gelensoň, Türkmenistanyň milli çempionatynda we AFK kubogynyň toparçadaky ýaryşynda netijeli oýun görkezdi.

Ruslan Mingazow, Gazagystanyň futbol toparlarynyň 3-sinde çykyş edip, az wagtda köp täsir galdyrmagy başardy.

Didargylyç Urazow, Gazagystanyň «Irtyş» we «Tobol» toparlarynda tora salan pökgüleri bilen, bu ýurduň çempionatynyň iň netijeli 100 oýunçysynyň sanawynda mynasyp orun alan türkmenistanly 4 oýunçynyň biri boldy.

Hüjümçiler

Rejepmyrat Agabaýew, Gazagystanyň futbol çempionatynyň iň netijeli futbolçylarynyň biri hökmünde taryha girdi.

Wladimir Baýramow, Russiýanyň 5 toparynda, Gazagystanyň 4 toparynda çykyş etdi. «Terek» bilen Russiýanyň kubogyny eýeledi.

Baş tälimçi

Baýram Durdyýew, Eýranyň «Sanat Naft» toparyna tälim berdi. Şeýle-de, Gazagystanyň «Ýelimaýy» bilen Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşda baýrakly orny eýeläpdi.