https://turkmensport.com/habarlar/hawi-la-ligada-zidanyn-rekordyny-tazeledi/7JtOI13JERSIgit.jpg

Hawiniň ýolbaşçylygyndaky «Barselona» La Ligada myhmançylykda geçirilen 18 duşuşygy ýeňlişsiz tamamlady.

Kataloniýalylar Ispaniýa çempionatynyň 7-nji tapgyrynda «Son Moiş» stadionynda «Malorkany» (1:0) utdy. Şeýlelikde, topar Hawiniň gol astynda 13 ýeňiş gazandy we 5 gezek deňme-deň oýnady.

Netijede, Hawi Zinedin Zidanyň «Real Madridi» tarapyndan 2016-njy ýylda goýlan rekordy geçdi. Madrid kluby şonda 13 ýeňiş we 4 deňlik gazanypdy.

«Barselonanyň» La Ligadaky indiki oýny 16-njy oktýabrda «Real Madrid» bilen bolar. «Santýago Bernabeu» stadionynda geçiriljek oýun Aşgabat wagty bilen 19:15-de başlar.