https://turkmensport.com/habarlar/hawi-dogry-yoldan-baryandygymyzy-subut-etmekcidik/sGNTSjU7ecKSN2C.jpg

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hawi La Liganyň 1-nji tapgyrynda «Raýo Wallekano» bilen geçirilen duşuşygyň netijesinden (0:0) närazy.

«Barsanyň umydy uludy, ýöne bu ynamy ödäp bilmedik. Oýnumyzy çuňňur seljermek gerek. Öz uslybymyza ynanç bilen ýoly dowam etdirmeli. Topar gowy oýnamady diýmek hem kyn. «Raýonyň» hem gowy goranandygyny aýtmak gerek. Biz dörän pursatlardan peýdalanyp bilmedik. Ýogsam, janköýerlerimize dogry ýoldan barýandygymyzy görkezmekçidik.

Janköýerlerimizden sabyrly bolmagy haýyş edýäris».