https://turkmensport.com/habarlar/hamzat-cimayew-ufc-nyn-baslygyna-taze-teklip-bilen-cykdy/fnxxdAjWI3OjaK2.jpg

Çeçen asylly şwesiýaly pälwan Hamzat Çimaýew orta agramyň täze çempiony braziliýaly Aleks Pereýra garşy ringe çykmak isleýär. Ol bu boýunça UFC-nyň başlygy Dana Uaýta ýüzlendi.

Çimaýew: «Ol çempionlyk guşagy üçin 6-1 netijede ringe çykdy. Meniň netijäm 12-0. Dana Uaýt, men onuň bilen Braziliýada tutluşaýyn» diýip, sosial ulgamlarynda ýazdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Nýu-Ýorkuň «Medison Skwer Garden» toplumynda UFC 281 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasy orta diwizionyň pälwanlary Israýyl Adesanýa (23-2) bilen Aleks Pereýranyň (7-1) arasyndaky tutluşyk boldy.

Netijede Pereýra bäşinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanyp, UFC-nyň täze çempiony boldy.

Çimaýewiň iň soňky tutluşygy 10-njy sentýabrda UFC 273-de Kewin Holland bilen bolupdy. Tutluşyk Hamzatyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.